TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaş...
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Erman Ylyjak duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagym...
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi h...
Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendi...
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, şu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge we türkmen-portugal gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasyny...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň geçirilýän günlerinde duşuşmaga we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi...
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler we şu gepleşikleriň netijeli pikir alyşmaga, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýar...