SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2025-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Mill...
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 27-nji martynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» 20-nji ministrler duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şund...
Aşgabat şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa wekiliýeti gatnaşdy. Mejlise gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn h...
Aşgabat şäherinde Türkmenistan we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň hormatl...
Riga şäherinde türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Latwiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn formatda we ÝB ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri hem-de Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda...
Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, şeýle hem bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow öz çykyşynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary...
UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda myhmany UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda diplom...