img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Noý

Türkmenistanyň DIM-de Belarus Respublikasynyň Premyer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejedäki amala aşyrylan saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler. Halkara gura...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rus gün tertibiniň häzirki meselelerine garadylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar we bilelikdäki işiň mundan beýläkki ugurlaryny kesgitlediler....

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tanyşdyrdy. Şeýle hem ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Sunway uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi talyplara döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlary, ýaş nesli goldamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem ýaşlaryň bilim, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar barada maglumat berdi. Duşuşykda «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Tü...

DOWAMY
pic
24 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza...

DOWAMY
pic
23 Noý

Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň  orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ener...

DOWAMY
pic
23 Noý

Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Taraplar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ýokary we iň ýok...

DOWAMY