RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Maý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar.                                                   Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi  we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer. Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada...

DOWAMY
20 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

DOWAMY
20 Maý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy.

DOWAMY
18 Maý

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...

DOWAMY
17 Maý

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdü...

DOWAMY
17 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa boýunça býurosynyň baş direktorynyň orunbasary Masaki Ikegami ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanp...

DOWAMY
17 Maý

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahatynyň geçirilmeginiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti Saad Han bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sport pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny utgaşdyrmagy we agza ýurtlaryň habarlar a...

DOWAMY