TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuş...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähir...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparyny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekde...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de Saud Arabystanynyň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, öza...
Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Brýusselde Türkmenistan–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri girdi....
Oman Soltanlygynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Oman Soltanlygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Saif Bin Raşid Bin Saif Al-Jahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy we bu wezipä bellenilmegi bilen bagly gutlaglar üçin sagbolsun aýtdy. Soňra diplomatlar türkmen-oman gatnaşyklarynyň häz...
Mejlisiň Başlygy Gresiýanyň Türkmenistandaky Ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işind...