RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Sen

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki edara binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda dușuşyk geçirildi. Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi we ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde üstünlikli mysaldygyny aýtdy. BMG-niň ýolbaşçysy Türkmenist...

DOWAMY
29 Sen

Albaniýa Respublikasynyň, Portugaliýa Respublikasynyň we Fillipinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Albaniýa Respublikasynyň Ýewropa ișleri we Daşary işler ministri Igli Hasani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy b...

DOWAMY
29 Sen

BMG-niň Baş Sekretarynyň Parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Sekretarynyň Parahatçylyk döredijilikli amallar boýunça orunbasary Žan-Piýer Lakruanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öz ygrarlylygyny tassyklady. Taraplar parahatçylyk döredijilik çäreleriniň çäginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdy...

DOWAMY
29 Sen

Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, Jedelleriň öňüni almak boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Ketrin Fironyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň sebitleýin howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyr...

DOWAMY
29 Sen

Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofeanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzüm...

DOWAMY
28 Sen

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň DIM-iň ýolbaşçysynyň baştutanlygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar guramanyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini kesgitlediler. Türkmenistanyň daşary syýasa...

DOWAMY
28 Sen

Nýu-Ýork şäherinde geçirilen duşuşykda parahatçylygy gurmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň işine gatnaşýan Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Baş sekretaryň syýasy we parahatçylygy gurmak meseleleri boýunça orunbasary Rozmari A. Dikarlo bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigi bellenildi. Taraplar häzirki zaman sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnaz...

DOWAMY