TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgam...
TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...
«АWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti hanym Betsi Nelson bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman bilelikdäki taslamalaryň diňe bir Türkm...
EKSPEDITORLYK ASSOSIASIÝALARYNYŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň (FIATA) Prezidenti Babar Badat bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda myhman Türkmenistanyň FIATA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdi, şeýle hem tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmeginiň we giňeldilmeginiň nu...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografiki komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gat...