img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Sen

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR

2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...

DOWAMY
pic
22 Awg

TÜRKMENISTANYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY-GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNDA

?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...

DOWAMY
pic
18 Awg

AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna  gatnaşdy. Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolun...

DOWAMY
pic
16 Awg

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy

2017-nji ýylyň 17-27 – nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak we giňden dünýä ýaýmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 16-njy awgustynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk Merkeziniň Köpugurly zalynda “Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we Türkmen-Malaý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda işewürlik duşuşygy” atly çäre geçirildi. Agzalan çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasyny...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
11 Iýun

Aşgabat 2017-niň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli dabara

Aşgabat 2017 oýunlarynyň başlamagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäheriniň köpugurly stadionynda uly dabara geçirildi. Bu dabarada çykyş eden tansçylaryň we medeniýet işgärleriniň ajaýyp çykyşlaryna dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 100-den gowrak köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tomaşa etdiler. Bu çäre paýtagtymyz Aşgabatda we Mary şäherinde birnäçe gün dowam eden halkara media forumyň çäginde taýýarlanyldy.  Aşgabatda geçiriljek Oýunlar barada habar bermek we haba...

DOWAMY
pic
10 Iýun

Aşgabat AZIADA2017-de dünýä derejesindäki sport çärelerini geçirmegi söz berýär

Kuala Lumpur, 10 iýun (Bernama) - Ýenede 100 günden hem az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryny (AZIADA 2017) geçirjek Türkmenistan, Aziýa-Ýuwaşumman sebitiniň 62 ýurdundan gatnaşjak türgenlere dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň ýatdan çykmajak günlerini üpjün etmegi söz berýär, diýip Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Ýazguly Mammedow aýdýar. Şeýle-de ilçi bu Merkezi Aziýanyň ýurdy (Türkmenistan) üçin 17-27-nji sentýabrdaky oýunlaryň taryhy waka boljak...

DOWAMY