SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...
TÜRKMEN-MALAÝZIÝA IŞEWÜRLER MASLAHATY
2015-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän «MATRADE» sergiler we mejlisler merkeziniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň döwlet we işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysadyýetleriniň häzirki ýagdaýyna we ileri tutulýan ösüş ugurlaryna syn berildi, şeýle hem pudaklar boýunça işewürlik duşuşyklary geçirilip, olarda özara bäh...
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 20 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MALAÝZIÝADA SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2015-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda, şanly Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2015-nji ýylyň "Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly" diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda sportyň kiçi futbol, küşt we şaşka ugurlary boýunça ýaryşlar gurnaldy. Agzalan sport çäreleri Malaýziýanyň “Petronas”, “Lımkokwıng”, “Management and scıence”, “Segı”, “M...
Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi
2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.