SOŇKY HABARLAR
KUALA-LUMPURDA TÜRKMEN-MALAÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2016-njy ýylyň 19-njy aprelinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malaýziýada syýasy geňeşmeleri geçirdi. Malaý tarapynyň wekilýetine Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň baş sekretary Datuk Othman Haşim ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda esasy üns Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň ikinji ýarymynda Malaýziýa boljak resmi saparyna taýýarlyk meselelerine berildi. Şeýle hem, taraplar geljekde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň...
TÜRKMENISTANYŇ MEKDEP OKUWÇYLARY MALAÝZIÝADA GEÇEN OLIMPIÝADADA 5 SANY MEDAL GAZANDYLAR
2016-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Malaýziýanyň Penang adasynda geçirilen Malaýziýanyň Halkara Ýaş Oýlaptapyjylar Olimpiýadasynyň “MIYIO-2016” dowamynda Türkmen wekilleri bir altyn, üç sany kümüş we bir bürünç medallaryny gazandylar. Malaýziýanyň Bilim Ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen bu Olimpiýadada Türkmenistanyň adyndan öz taslamalary bilen ýurdumyzyň paýtagtynda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň we Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ýörüteleşdirlen 41-nji orta...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MALAÝZIÝADA GEÇIRILEN SPORT ÇÄRESI
2016-njy ýylyň 27-nji fewralynda, 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen bagly Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala Lumpur ş.) Ilçihanasy tarapyndan Malaýziýada bilim alýan türkmen talyplarynyň arasynda sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurnaldy. Agzalan sport çäresi Mal...
Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi
2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
MALAÝZIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILÝÄR
2015-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäher häkimliginiň Dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20-ýyllygyna we 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna Malaýziýanyň hökümetiniň, daşary ýurtlaryň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaryň wekilleri, bu...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...